milli goshun logo
Plastmassadan ýasalan täze nesil başgap
Plastmassadan ýasalan täze nesil başgap
27.06.2018 1666 Tehnologiýa

«Natick Soldier Research» atly ylmy-barlag merkezi söweşjeň hereketleriň dowamynda esgerleriň boýun muskullaryna düşýän agramy azaltmak maksady bilen täze nesil gorag başgabyny işläp taýýarlady. «ACH II» atly täze başgap özüniň 2003-nji ýylda ulanylyşa goýberilen «ACH» görnüşinden 24 göterim ýeňil bolar. Bu gorag esbabynyň iň uly ölçeginiň agramy 900 grama deň bolmagyna garaşylýar. Mäkämligi bilen hem tapawutlanýan «ACH II» esgeri 9 mm kalibrlik okdan, şrapnelden şeýle hem ýasama partlaýjy serişdeleriň täsirinden gorar.

Merkeziň alymlary täze başgapda polietileniň (plastmassa) has çydamly, berk we ýeňil görnüşini ulandylar. «ACH II» dürli reňdäki eginbaşlar bilen bilelikde ulanylyp bilner.