milli goshun logo
Paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumynda täze jaý toýlary tutuldy
Paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumynda täze jaý toýlary tutuldy
31.10.2019 551 Habarlar

30-njy oktýabrda paýtagtymyzda nobatdaky köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Maşgalalaryň ýüzden gowragy Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda bina edilen täze jaýdan oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar.

Açylyş dabarasynda bagtyýar öý eýelerine meýdany giň, goşmaça kömekçi otaglary bolan oňaýly öýleriň 108-siniň açarlary gowşuryldy. Aşhana, naharhana, daşky gapydan girelgäniň öňüniň giňligi amatlylygyň hem-de oňaýlylygyň ýokary talaplaryna doly kybap gelýär. Häzirki zaman görnüşinde gurnalan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Jaýyň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylypdyr, şol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar bar. Jaýlaryň töwereginde güller, gök otlar ekilipdir, köçeler yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.