24-nji maýda paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç we tolgunma duýgulary bilen kabul edip, öz işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.