14-nji iýulda
paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent
binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat
geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar.
Aşgabat şäher
häkimliginde ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, hususy
bölegiň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we
talyp ýaşlary täze taslamanyň ähli bölekleri bilen tanyşdylar.
Paýtagtymyzyň
demirgazygynda guruljak binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäheriniň
häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu işe
şeýle hem degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary
gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda iri göwrümli täze gurluşyk binalaryň ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilen uly möçberli işler ýaýbaňlandyryljak esasy ugurlara garaldy.