24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şähergurluşyk we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň gazananlaryny beýan etmek maksady bilen her ýyl geçirilýän bu sergi paýtagtymyzyň, şeýle hem tutuş ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşiniň ileri tutulýan möhüm wezipelerini netijeli çözmekde ähmiýetli orun eýeleýär, şäherleriň we sebitleriň durmuş üpjünçiliginiň netijeli guralmagyna gönükdirilen dünýä tejribesi hem-de täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda bu sergi türkmenistanlylaryň gün-günden gözelleşýän paýtagtymyza ýokary buýsanç we ählumumy watançylyk duýgularynyň belentligini açyp görkezýär. Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat täze taryhy döwrüň belent döredijilik ylhamynyň çeşmesidir. Paýtagtymyz Watanymyzyň ajaýyp şu gününiň hem-de nurana geljeginiň aýdyň beýanydyr.