Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe
Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi dabaraly ýagdaýda
açyldy. Her ýyl doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere
jemleýän bu giň möçberli ykdysady forum iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň
mizemezdigini ýene bir gezek tassyklady.
...Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet
agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary
hem-de wekilleri, köp sanly telekeçiler, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Dabarada Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer
Bolat çykyş edip, sergini geçirmäge döredilen ajaýyp şertler hem-de türk
wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi.
Bu ýerde gurluşyk pudagy üçin niýetlenen tehnologiýalara
giň orun berlipdir. Mälim bolşy ýaly, türk kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda
ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Diwarlyklarda döwrebap gurluşyk-bezeg serişdeleri we “akylly” şäherler üçin
innowasion çözgütler görkezilýär.
Gurluşyk pudagy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky
ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk
gurluşyk kompaniýalary ýurdumyzda döwrebap önümçilik klasterleriniň
gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik keşbini döretmäge
çenli iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyp gelýärler. Olar öz
taslamalarynda halkara standartlary, seýsmiki durnukly tehnologiýalary,
innowasion serişdeleri ulanýarlar.
Ekspozisiýada energetika pudagyna-da orun berlipdir.
Ählumumy “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş döwründe türkiýeli hyzmatdaşlar energiýa
serişdelerini tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak
ulgamynda täzeçil çözgütleri teklip edýärler. Bu bolsa türkmen hünärmenlerinde
uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem doganlyk ýurduň oba hojalyk toplumynda ýeten
sepgitleri giňden tanyşdyrylýar.
Ýyladyşhanalary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary
we damjalaýyn suwaryş üçin enjamlar sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Bu
tehnologiýalar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, hasyllylygy
ýokarlandyrmak boýunça maksatlary gazanmakda möhümdir. Däp bolşy ýaly,
Türkiýäniň azyk senagatyna degişli düzümleri dürli görnüşli önümleri bilen
tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda diňe bir taýýar önümler bolman, eýsem, azyk
önümleriniň terligini we hilini saklamaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy gaplama
enjamlary-da bar. Bu ulgamda tejribe alyşmak ýurdumyzyň içerki bazarlaryny
ýokary hilli harytlar bilen bolelin üpjün etmäge ýardam berýär.
Diwarlyklarda himiýa senagatynyň önümlerine hem orun
berlipdir. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýere gelenler dünýä
standartlaryna laýyk gelýän önümleriň ýokary ekologik derejesini bellediler.
Adaty söwdadan ýokary tehnologiýaly önümçiliklere geçilmegi nobatdaky gözden
geçirilişiň köpýyllyk işiniň möhüm netijesidir. Öý hojalyk himiýasy we gurluşyk
serişdeleri ulgamy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen telekeçileri bu ugurda türk
tehnologiýalaryny we tejribesini netijeli ulanyp, dünýä standartlaryna laýyk
gelýän önümleriň önümçiligini ýola goýdular. Häzirki wagtda bu harytlara
ýurdumyzyň içerki bazarynda, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.
Hyzmatlar pudagy harytlary eksport ediji we logistika
kompaniýalary tarapyndan tanyşdyryldy. Türkmenistanda kuwwatly üstaşyr ulag
merkezleriniň kemala gelýän şertlerinde halkara ulag ugurlaryny ösdürmek üçin
türkiýeli hyzmatdaşlaryň ýük akymlaryny dolandyrmak boýunça toplan tejribesi
aýratyn gyzyklanma döredýär.
Bilim ulgamynyň diwarlyklary sergä gelenleriň ünsüni
özüne çekýär. Türkiýäniň öňdebaryjy döwlet we hususy uniwersitetleri bakalawr
hem-de magistratura maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Hünär ugurlarynyň
hatarynda binagärlik, inženerçilik, lukmançylyk ylymlary, halkara gatnaşyklar ýaly
ugurlar bar. Myhmanlar ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden degişli
maglumatlary alyp bilýärler. Türkiýäniň akademik toparlarynyň sergä gatnaşmagy
iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygyna
şaýatlyk edýär. Bilim ojaklarynyň diwarlyklary geljekki talyplara
uniwersitetleriň ylmy-barlag kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän
serişdeler bilen üpjün edilipdir.
Serginiň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň işewürlik
duşuşyklary geçirildi. Munuň özi geljekki geleşikleri ara alyp maslahatlaşmaga
we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça umumy strategiýany işläp
taýýarlamaga ýardam berýär. Mejlisiň dowamynda hünärmenleri taýýarlamak
meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk kompaniýalarynyň wekilleri öndürýän
enjamlary bilen işlejek türkmen hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge
taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu giň möçberli çäre türkmen-türk
hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyna şaýatlyk edýär. “Iki döwlet
— bir millet” ýörelgesine esaslanýan özara hyzmatdaşlyk iki ýurduň
abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň
sanynyň ýylsaýyn artmagy sebitiň wajyp işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň
eýeleýän ornuny tassyklaýar. Paýtagtymyz nobatdaky gezek hem öňdebaryjy
pikirleriň birleşýän we geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýerine
öwrüldi.
Bu gözden geçirilişiň netijeleri iki halkyň arasyndaky
dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder, bilelikdäki
tagallalar bolsa ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň öňünde durýan giň möçberli
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Sergi 12-nji
fewralda öz işini tamamlar.