Düýn Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ajaýyp sowgada öwrüldi.
«Şapak» seýilgähiniň tutýan meýdany 5,6 gektara barabardyr. Açylyş dabarasynyň dowamynda aýratyn tapawutlanan ezber gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Açylyş dabarasyna gatnaşanlara lukman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda maslahat berilýän melhemlik çaýlar hödür edildi. Welosipedli hem-de tigirçekli aýlanyp ýören çagalaryň gülki sesleri bolsa Watanymyzyň asudalygynyň senasy bolup ýaňlandy.