Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda «2020-nji ýyl – «Türkmenistan – Bitaraplygyň
mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen şygar
astynda köpçülikleýin medeni-sport çäresi geçirildi. Sport çärelerine jemgyýetçilik guramalaryň,
edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Aşgabatda welosipedli ýöriş we ýaryş
Köpetdag şaýolunyň we Andalyp köçesiniň çatrygynda “Ýanardag” diýen şöhratly
ahalteke bedewiniň hormatyna bina edilen binanyň ýanyndan badalga aldy. Bu
ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar bütin
dünýäde meşhur bolan sportuň bu görnüşiniň köpsanly janköýerlerini ruhlandyrdy.
Şol birwagtda-da, ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary Köpetdagyň gerişlerinden uzalyp gidýän täsin “Saglyk
ýolundan” köpçülikleýin ýörişe başladylar. Ýaş oglanlar we gyzlar üçin “Sagdyn
ýaşlarymyz eziz Diýarymyzyň sütünidir” diýen şygar astynda 8 kilometrlik
aralygy geçmek boýunça ýaryş guraldy.
Soňra estafeta ylgaw ýaryşyna
badalga berildi. Bu ýaryşyň ugry “Ýanardag” binasynyň ýanyndan Köpetdag
şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň ugry bilen uzalyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň binasynyň ýanyndaky pellehanada tamamlandy. Ylgaw ýaryşy
20 kilometr aralygy öz içine alyp, her 400 metrden 50 sany tapgyrdan ybarat
boldy.
Şu ýerdäki pellehana 20 müň metr
alalygy geçip, sportuň bagyş edýän uly ruhubelentlik güýjüne hem-de şatlykly
duýgularyna beslenip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe hem-de ýaryşa
gatnaşanlar hem geldiler.