18-nji
maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň
hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
Şu
ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we
mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet
nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewüligini, onuň parahatçylyk söýüjilik,
ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz
ygrarlydygyny alamatlandyrýar.