milli goshun logo
Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär
Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär
01.06.2020 689 Habarlar

31-nji maýda paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlandy. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Söwda-senagat edarasynda guralan şu gezekki sergi-ýarmarkanyň çäklerinde diňe bir haly önümleri däl, eýsem, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar-- gymmatlyklaryň 120-den gowragy görkezildi. Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylyk kärhanalarynyň işgärlerini sarpalamak çäresi boldy.

Ussat halyçylaryň asyrlar aşyp gelýän bu baky sungatynyň özboluşly berk tertip-düzgünleriniň bardygyny bellemeli. Däp bolan halyşynaslygyň ýörelgelerinde reňkleriň sazlaşygy, olaryň görnüşleri, ölçegleri, şekilleri görkezildi. Ägirt uly sergide diňe bir ýüňden däl, eýsem, ýüpekden dokalan halylar görkezilýär, şolaryň gözelligi haýrana goýýar.