Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berlipdi. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär.