Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Kongresler merkeziniň
mejlisler zalynda «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş
maksatlary» atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň
Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň,
halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler
gatnaşdylar.
Dünýä
ýagdaýlarynyň häzirki üýtgäp durýan şertlerinde saglygy goraýyş hyzmatlaryna
ählumumy elýeterliligi üpjün etmek BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär.
Adam saglygy diňe her bir raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, zähmet öndürijiligini we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny
kesgitleýän esasy ykdysady serişde bolup durýar.
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlaryna ählumumy
elýeterliligi üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hataryna çykaryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet
maksatnamasy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň binýady bolup çykyş
edýär.
Döwrebap
ýokary tehnologiýaly infrastrukturany yzygiderli ösdürmek saglygy goraýşyň
türkmen nusgasynyň möhüm ugry bolup durýar. Paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde,
şeýle hem ähli welaýatlarda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen iň täze
lukmançylyk merkezleri, şol sanda Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti, enäniň
we çaganyň saglygyny goramak boýunça ýöriteleşdirilen «Ene mähri» merkezleri,
kardiologiýa, onkologiýa, stomatologiýa we ortopediýa boýunça toplumlar
döredildi.
Durnukly
ösüş bilen baglylykda, ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga,
jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Azyk
önümlerini witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrmak, ýod ýetmezçiligi bilen
baglanyşykly keselleriň öňüni almak hem-de ilaty ählumumy immunizasiýa etmek
boýunça döwlet maksatnamalary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary
bahasyna mynasyp boldy we degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.
Ýurdumyzda öňüni alyş lukmançylygy ekologiýa gün tertibi bilen berk
baglanyşyklydyr. Agyz suwunyň we azyk önümleriniň hiline gözegçiligiň amala
aşyrylmagy, şeýle hem köpçülikleýin sagaldyş-sport çäreleriniň yzygiderli
geçirilmegi ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.
Ählumumy
saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň işjeň we
ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär. Ýurdumyz BSGG, ÝUNISEF, ÝUNFPA we
BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip,
iri halkara lukmançylyk forumlarynyň guramaçysy bolup çykyş edýär we keselleriň
öňüni almak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de lukmançylyk
hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek babatda toplan baý tejribesini
paýlaşýar. Diýarymyzda yzygiderli amala aşyrylýan strategiýa her bir adama
ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna deňhukukly elýeterliligi kepillendirýär.
...Türkmenistanyň
saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň açylyş
dabarasynda hemmeleri mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynda «Saglygy goraýyş ýylynda» geçýändigini belledi. Bu
çäre parlamentarileri, döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara
guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolan saglygy goraýyş meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere
jemledi.
Soňra
çykyş etmek üçin foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina
Matwiýenko, ilki bilen, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da üstünlikli başlyklyk
edýändigi hem-de geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynda bellenilen şanly senesi
bilen gutlady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärlerini ýetip gelýän hünär baýramy bilen gutlady.
Walentina
Matwiýenko 2026-njy ýylyň GDA-nyň giňişliginde «Saglygy goraýyş ýyly» ady bilen
geçýändigini, şunuň bilen baglylykda, degişli forumlaryň, tematiki duşuşyklaryň
guralýandygyny belläp, şu günki geçirilýän maslahatyň hem GDA gatnaşyjy
döwletleriň arasynda degişli ulgamda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi
berjekdigine ynam bildirdi. Ol ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada
aýdyp, çagalaryň saglygyny goramak, saglygy goraýşyň kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek işini şol wezipeleriň esasylarynyň hatarynda belledi.
Russiýanyň
parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Arkalaşygyň çäklerinde ylmy-barlag
hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýändigini, ýaş
hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak maksady bilen, dürli çäreleriň
durmuşa geçirilýändigini belledi. Walentina Matwiýenko GDA giňişliginde dürli
ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň goşýan uly goşandyny belläp,
şu günki çäräniň hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň
arasynda özara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam
bildirdi.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara
Assambleýasy hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda
geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki wagtda
Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adam we onuň saglygy
baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny
belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam döwletiň we
jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda adam
saglygyny goramak, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni
almak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek boýunça netijeli
işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ulgamyň
maddy-enjamlaýyn we hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Saglygy
goraýşy we derman senagatyny ösdürmekde halkara gatnaşyklara uly orun berilýär.
Bu ugurda gazanylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda, dünýäniň öňdebaryjy
lukmançylyk merkezleri, abraýly uniwersitetleri, şeýle hem tanymal alym
lukmanlary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Halkymyzyň
müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgeleri
bu gün döwlet derejesinde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda alyp barýan işi uly buýsanç duýgusyny
döredýär. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň dürli
sebitlerindäki çagalara çylşyrymly lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar.
Şeýle hem gazna dünýäniň dürli künjeklerinde tebigy we ykdysady
betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berýär. Bu
asylly işler Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we beýik
ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir.
Sözüniň
ahyrynda milli parlamentiniň ýolbaşçysy şu günki maslahatyň dowamynda öňe
sürüljek täze başlangyçlaryň GDA ýurtlarynda we halkara giňişlikde saglygy
goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, foruma
gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekili Korinn
Kapuano söz berildi. Ol öz çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda döwlet
maksatnamalarynyň durnuklylygyny hem-de yzygiderliligini üpjün etmekde kanun
çykaryjy edaralaryň möhüm ornuny belledi. Şeýle hem çykyşda Türkmenistanda
saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmekde gazanylan
üstünliklere üns çekildi. Ulgamyň hukuk binýady köp sanly kanunçylyk
namalaryny, şol sanda ýokanç we ýokanç däl kesellere, temmäkä we alkagolly
içgilere gözegçilik etmek boýunça kanunlary özünde jemleýär.
Türkmenistanyň
«Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» atly halkara
başlangyjynyň dünýä dialogyna möhüm goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy. Bu
başlangyja laýyklykda, lukmançylykdaky innowasiýalar diňe adalatlylyk we
raýdaşlyk ýörelgeleri bilen berkidilende saglygyň bähbidine hyzmat edýär.
Çykyşynyň ahyrynda Korinn Kapuano bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary
guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
çykyş etmek üçin GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowa söz
berildi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň
foruma gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady.
GDA-nyň
Baş sekretarynyň «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş
maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň guramaçylaryna hem-de
gatnaşyjylaryna iberen gutlagynda forumyň aýratyn strategik ähmiýeti nygtalýar.
Bellenilişi ýaly, çäräniň «Ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» atly
şygary netijeli döwletara dialogy we Arkalaşyga agza ýurtlaryň möhüm meseleleri
bilelikde çözmäge taýýardyklaryny beýan edýär. Bu maslahatyň GDA-da «Saglygy
goraýyş ýyly» diýlip yglan edilen we Arkalaşygyň 35 ýyllygynyň bellenilýän
ýylynda geçirilmegi raýatlaryň saglygy baradaky aladanyň 30 ýyldan gowrak
integrasion hyzmatdaşlygyň dowamynda ileri tutulýan wezipe bolmagynda
galýandygyna şaýatlyk edýär.
GDA-nyň
Baş sekretary Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk
etmeginiň çäklerinde Awazada geçirilýän bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesi
üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Gutlagda Türkmenistanyň daşary syýasy we
ynsanperwer başlangyçlarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi
berýändigi we tutuş sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi
aýratyn nygtalýar. Şeýle abraýly çäräniň türkmen topragynda geçirilmegi ýurdumyzyň
diplomatiýasynyň işjeň we netijeli häsiýetiniň güwäsidir.
Sergeý
Lebedew maslahatyň gün tertibi barada aýdyp, onuň ilkinji lukmançylyk – sanitar
kömegini pugtalandyrmakdan başlap, derman serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün
etmäge çenli strategik wezipeleriň esasy toplumyny öz içine alýandygyny
belledi. Bu möhüm ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynyň berk binýadyny goýýar.
GDA-nyň
Baş sekretary forumda kabul ediljek jemleýji resminamalaryň we işlenip
taýýarlanyljak maslahatlaryň Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine
kanunçylyk tejribesinde we milli özgertmelerde öz beýanyny tapjakdygyna ynam
bildirdi.
Gazagystan
Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa öz çykyşynda
bildirilen myhmansöýerlik we GDA giňişliginde saglygy goraýyş ulgamynda özara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işi üçin
Türkmenistana hoşallygyny beýan edip, şu günki maslahatyň GDA-da «Saglygy
goraýyş ýylynda» geçirilmeginiň saglygy goraýyş meseleleriniň Arkalaşyk üçin
aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýändigini we halklarymyzyň saglygynyň hem-de
abadançylygynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze
mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Akmaral
Alnazarowa maslahatyň «Ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» şygarynyň
özara hyzmatdaşlygyň esas goýujy ýörelgelerini, ýagny ileri tutulýan milli
ugurlara hormat goýmagy we umumy bähbitler üçin bilelikde hereket etmäge
taýýarlygy beýan edýändigini aýdyp, GDA döwletleriniň toplan tejribesiniň
birleşdirilmeginiň milli özgertmeleri has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam
berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
maslahat mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
«Ilkinji
lukmançylyk-sanitariýa kömegi — ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary bilen
gurşap almagyň binýady» atly mejlisde ilata saglygy goraýyş hyzmatlarynyň
ählumumy elýeterliligini üpjün etmek üçin binýat hökmünde ilkinji lukmançylyk
kömegini ösdürmegiň ugurlaryna üns berildi.
Çykyşlarda
esasy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hiliniň we elýeterliliginiň üpjün
edilmeginiň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýandygy bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanda ilkinji
lukmançylyk-sanitariýa infrastrukturasynyň ýokary derejesini bellediler.
Lukmançylyk
edaralaryna döwrebap enjamlary, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we innowasion
usullary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler ilkinji
lukmançylyk ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň raýatlaryň saglygyna gözegçilik
etmek işini ýokarlandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamynyň serişdelerini netijeli
dolandyrmaga ýardam edýändigini bellediler.
Foruma
gatnaşyjylar ilkinji lukmançylyk kömegi üçin ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamak babatda iň gowy halkara we sebit tejribelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Mowzuklaýyn
mejlisiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar ilkinji lukmançylyk-sanitariýa
kömegini kämilleşdirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge we halkara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen netijeli maslahatlary
işläp taýýarladylar.
Forumyň
ikinji mowzuklaýyn mejlisi derman serişdelerine elýeterliligi we olaryň ýokary
hilini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meselelerine bagyşlandy. Çykyş edenler
ilatyň zerur, ýokary hilli we elýeterli derman serişdeleri bilen üpjün
edilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen gönüden-göni
baglanyşyklydygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan derman
serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek we milli derman senagatyny döwlet
tarapyndan goldamak babatda netijeli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň
nusgasyny görkezýär.
Şeýle
hem mejlisde nusgalyk kanunçylygy işläp taýýarlamakda parlament
diplomatiýasynyň we parlamentara hyzmatdaşlygynyň ornuna aýratyn üns berildi.
Mejlise gatnaşyjylar derman serişdeleriniň dolanyşygyny hukuk taýdan
kadalaşdyrmak ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda lukmançylyk edaralaryny zerur dermanlar we
beýleki lukmançylyk häsiýetli serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin
logistika zynjyrlaryny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlise
gatnaşyjylar parlamentara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny
tassyklap, kabul edilen maslahatlaryň GDA giňişliginde derman serişdeleri bilen
üpjün etmek babatda hukuk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin
ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
«Saglygyň
bähbidine salgytlar we ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlaryny maliýeleşdirmegiň
durnuklylygy: parlamentarileriň orny» atly 3-nji mowzuklaýyn mejlise
gatnaşyjylar durmuş maksatnamalarynyň uzak möhletli durnuklylygyny üpjün edýän
netijeli maliýeleşdiriş mehanizmlerini döretmegiň meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Mejlisiň
dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda maliýe serişdelerini netijeli ulanmak
hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns
berildi. Çykyş edenler lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we
ylmy-barlag işlerini goldamak üçin innowasion maliýe-karz mehanizmlerini
ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Şeýlelikde,
Awazada geçirilen forum ählumumy saglygy goraýşyň möhüm meselelerini çözmek
üçin netijeli dialog meýdançasyna öwrüldi. Onuň dowamynda beýan edilen
teklipler hem-de başlangyçlar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş
ulgamynda ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmäge möhüm goşant bolar.