milli goshun logo
Parlament diplomatiýasy dabaralanýar
Parlament diplomatiýasy dabaralanýar
28.11.2024 110 Habarlar

Düýn – 27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk ýurtdugy hem-de Bitaraplygyň türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça-da netijeli çäreleri görýär.