Düýn – 19-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Dost-doganlyk döwletleriniň kompozitorlary, dirižýorlary, opera aýdymçylarydyr sazandalary bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Döwlet hory tarapyndan ýerine ýetirilen «Türkmenistan» atly aýdym halkymyzyň jebisliginiň waspy bolup ýaňlandy. Soňra konsert ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarynda, kompozisiýalarynda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
«Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gala konserti bilen tamamlanar.