Türkmen
halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen faşizma garşy uruşda gazanylan ýeňişiň
75 ýyllyk senesini bellejek wagty daş däl. Bu senäniň öň ýanynda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda uruş
weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny hem-de tylda zähmet çeken
weteranlary «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň
75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi.
Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyga, dostluga,
doganlyga we döredijilikli zähmete bolan islegini alamatlandyrýan uly ähmiýetli
wakadyr. Her ýyl 9-njy maýda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ХХ asyryň iň
gazaply we gandöküşikli urşunda gahrymanlyk we edermenlik görkezip, öz mukaddes
borjuny mynasyp berjaý edip ata Watana gaýdyp gelenleri, tylda zähmet
çekenleri, weteranlaryň ýanýoldaşlaryny sarpalaýarlar.
Ýurdumyzda
şeýle hem häzirki we geljekki nesilleriň röwşen durmuşy üçin janyny pida eden
gahrymanlara çuňňur hormat goýulýar. Türkmenistanlylaryň uruş we zähmet
gahrymançylyklary häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda parahat
we abadan ýaşamagymyzyň kepiline öwrüldi.
Türkmen halky Ýeňşe mynasyp goşant
goşdy. Uruşyň başlanandygy barada habar gelenden soňra watandaşlarymyzyň
müňlerçesi urşa gitdiler. Olar beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egine
berip azatlyk ugrunda söweşdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň durmuş
ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borja
wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanly esgerleriň köpüsi
urşuň gazaply synaglardan doly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin
söweşjeň ordenlere we medallara mynasyp boldular, olaryň ýüzden gowragy bolsa
Gahryman diýen belent ada eýe boldular. Milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we
«Şöhrat» ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.
Ýyllaryň geçmegi bilen Ýeňiş baýramy
has çuňňur mana eýe bolýar, nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy
alamatlandyrýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky öz gahrymanlaryny
sarpalaýar.
Biziň ýurdumyzda uruş weteranlary
hem-de kyrkynjy ýyllaryň agyr synaglaryndan geçen hemmeler aýratyn alada bilen
gurşalandyr. Uly ýaşly nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
biz ýaşulularymyzyň we kümüş saçly enelerimiziň durmuş tejribesine ägirt uly
hormat bilen garaýarys, olaryň pähim-paýhasy jemgyýetiň ahlak daýanjy bolup
hyzmat edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça
uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere hem-de uruş weteranlarynyň
ýanýoldaşlaryna berilýän düýpli ýeňillikler netijesinde olaryň mynasyp durmuşy
üçin ähli şertler döredilendir.
Öz nobatynda uruş we zähmet
weteranlary Watana gulluk etmegiň göreldesini görkezip, halkymyzyň
agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalandyrylmagyna, ýaş nesliň Watançylyk,
zähmetsöýerlik, ýokary ynsanperwerlik hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda
terbiýelenmegine uly goşant goşýarlar.
Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň ýurdumyz
üçin ýene bir ajaýyp sene Bitaraplygyň 25 ýyllygy bellenilýän ýyla gabat
gelmegi bellenilmeli ýagdaýdyr.
Türkmenistanyň 1995-nji ýylda
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimize berilen hemişelik Bitaraplyk
derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat ugry sebitde parahatçylygy
we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar hem-de dünýä
bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolýar.
Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap
Watanymyz sebit we ählumumy derejede ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze
öwrüldi, munuň özi hem türkmen halkynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygynyň
alamaty hem-de ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna goýulýan hormat-sarpanyň
nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän oňyn başlangyçlary ählumumy
parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine durnukly ösüş we abadançylyk
maksatlaryna ýetmek ugrunda dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda
netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.
Täze taryhy eýýamda biziň
gözbaşlarymyz hem-de şöhratly mirasymyz, ata-babalarymyzyň mähriban ýurdumyzda
parahatçylygy we abadançylygy gözüň göreji ýaly gorap saklamak barada parasatly
wesýetleri ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär, onuň esasynda ýurdumyz özüniň
bagtly durmuşyny we röwşen geljegini gurýar.
Milli gahrymanlarymyza belent sarpa
goýmak we olary hemişe ýatlamak, türkmen jemgyýetiniň üýtgewsiz ýörelgeleriniň
biridir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, «1941 —1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý
medallary, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar uruş weteranlaryna, olaryň
ýanýoldaşlaryna hem-de tylda zähmet çeken weteranlara dabaraly ýagdaýda
gowşurylar.
Sylaglara mynasyp bolanlaryň sanawy
aýratyn kitap görnüşinde neşir ediler.