«NORINCO»
kompaniýasy özüniň täze SH15 kysymly 155mm 8×8 çekijilikli özi hereket
edýän gaubisasy bilen tanyşdyrdy. Gaubisa sowutlanan kabinasy, 6×6
çekijilikli esasy göwresi we onuň arkasyna tirkelen 155m ot-açyjy ýaragyndan ybarat
bolup, agramy 22 tonna barabardyr. Bu täze gaubisa ýaraglardan ot açylmagyna we
top galyndylarynyň zeper ýetirmelerine garşy goraglydyr. Onuň her gapdalynda iki sany gapysy we öňünde
iki sany ok geçirmeýän aýnasy bar.
Kompaniýanyň
aýtmagyna görä, bu artilleriýa sistemasynda ähli şertlerde ot açmaga ukyply
bolan AH-2 kysymly 155mm/L52 gaubisasyna esaslanylypdyr.
Gaubisanyň her
tarapynda ok-däri saklanýan gutusy bolup, onuň ýarym awtomatlaşdyrylan ok-däri
doldurýan sistemasy bar. Ol minutda 4-6 tapgyr ot açyp bilýär. Onuň ok-därileri
20 km-e çenli ýetip, artilleriýa tehnikasy bäş kişilik topar tarapyndan
dolandyrylýar.