Düýn – 3-nji aprelde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz bu düzümiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.