Düýn – 12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.