Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny
durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly
şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem
ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda
1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Bilim ministrligine:
Türkmenistanda
öndürilen 80 000 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji
awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek
barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga;
Türkmenistanda
öndürilen 73 885 sany öwrediji kompýuteri satyn almak, 2019-njy ýylyň 25-nji
awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek
barada «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar
berildi.