milli goshun logo
Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi
Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi
05.09.2025 125 Habarlar

Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy.

Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy hem barha işjeňleşdirýär, kömege mätäçlere yzygiderli hemaýat-goldaw berýär. Munuň özi Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazna tarapyndan iberilen ynsanperwerlik ýükleriniň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.

Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy ýurduň ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna iberilen önümlerdir harytlary kabul etmek çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň berýän kömek-goldawynyň, ynsanperwer tagallalarynyň owgan halkyny belent maksatlara ruhlandyrýandygy nygtaldy.

    Çärä gatnaşyjylar kyn günde goldaw bermegiň sogap iş hasaplanýandygyny belläp, şeýle agyr pursatlarda doganlyk goluny uzadýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.