26-njy iýunda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Energetika
ministrligi tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň
möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda
elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän mukdaryny köpeltmek boýunça
maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Birnäçe ugur boýunça elektrik energiýasyny
ibermek baradaky şertnamalaryň hereket edýän möhletiniň 2019-njy ýylyň 31-nji
dekabrynda tamamlanýandygy habar berildi. Goňşy ýurda elektrik energiýasyny
mundan beýläk-de eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak
maksady bilen, 16-njy iýunda türkmen wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň
çäklerinde degişli Teswirnama gol çekildi, oňa laýyklykda, elektrik energiýasynyň
eksportynyň möhleti 2020-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylar.