Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze
belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan
çykdy. Kitaba hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji
ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, ýüzlenmeleri we
gutlaglary girizildi.
Neşir “Täzeçillik ýoly bilen — döwrüň belent maksatlaryna
tarap” diýen sözbaşy bilen açylýar. Onda ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy
döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ýaşaýyş-durmuş
şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen milli, sebitleýin we pudaklaýyn
maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna jikme-jik seljerme berilýär. Syn
berilýän makalada döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ruhy-medeni
durmuşyň, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň we durmuş ulgamyny
kämilleşdirmegiň, daşary syýasaty durmuşa geçirmegiň meseleleri hemmetaraplaýyn
we içgin beýan edilýär.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertmegi, täze
taryhy eýýamyň ägirt uly gazananlaryny, özygtyýarly we Bitarap Watanymyzyň
halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyny, özleriniň bagtly geljege bolan ýagty
umytlaryny hem-de ynamlaryny türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň ady we
işleri bilen mynasyp baglanyşdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynyň esasy wezipelerini öňde goýýar we şolary
çözmegiň ýollaryny, usullaryny hem-de serişdelerini kesgitleýär. Şunuň
netijesinde milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty oýlanyşykly, esaslandyrylan
häsiýete eýedir we adamlaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýär. Onuň baş maksady
– döwleti kämilleşdirmek, jemgyýetde bitewüligi, jebisligi pugtalandyrmak.
Makalada işgärler syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip,
döwlet Baştutanymyz ony amala aşyrmak bilen, adamlaryň ideýa-syýasy,
ruhy-ahlak, işewür we guramaçylyk sypatlaryny göz öňünde tutýar. Ilkinji
nobatda, munuň özi dogruçyllyk, tertiplilik, ygtyýarlylyk, özleriniň güýjüni
doly bermek bilen zähmet çekmäge ymtylyş, bilim we tejribe, täzeligi duýmak,
adamlar bilen işlemek başarnygy, özüňe talap edijilik, başlangyçlary öňe sürmek
häsiýetleridir.
Şeýle hem halkara ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň
hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň ilerledilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge
gönükdirilip, ýurtda alnyp barylýan konstitusion we hukuk özgertmelere uly üns
berilýär.
Neşire girizilen eserler döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş
edaralarynyň işini beýan edýär, döwlet, partiýa we jemgyýetçilik gurluşlaryny
demokratiýalaşdyrmagyň, raýat jemgyýetiniň kemala gelşiniň we halk häkimiýetiniň
ýörelgeleriniň pugtalandyrylyşynyň barşyny açyp görkezýär. Ýurdumyzda adamyň
hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini üpjün etmek babatda halkara
şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň hem-de ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa
geçirilmegi üçin ýurtda döredilýän syýasy-hukuk şertlere aýratyn üns berilýär.
Makalalaryň köp bölegi milli ileri tutulýan ugurlary we
dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda umumy goşulyşmak ýagdaýlaryny göz öňünde
tutup, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň, eýeçiligiň dürli görnüşlerini,
adamyň işewürlik we döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň esasy
meselelerine bagyşlanýar. Ylmy çemeleşme, strategiki meýilnamalaşdyryş we
hojalygy sowatly dolandyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan
oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda durýar.
Ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlary nobatdaky neşirde
öz beýanyny tapan 2017-nji ýylyň möhüm wakasy boldy. Bu saýlawlar
türkmenistanlylaryň erk-isleginiň hakyky dabaralanmasyna, halk häkimiýetiniň
gadymdan gelýän däplerini pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistanyň
Prezidentiniň saýlawlary ykrar edilen milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanyp, iň ýokary döwlet wezipesine üçünji gezek
täzeden saýlanmagy bilen dabaralandy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň
döwletliligi pugtalandyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli
ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän ornuny
ýokarlandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasy ugruny türkmen halkymyzyň doly
we hemmetaraplaýyn goldaýandygynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary
neşiriň beýan edýän esasy wakalarynyň biridir. Oýunlaryň geçirilmeginiň özüniň
dürli ýurtlaryň, halklaryň, medeniýetleriň gatnaşyklarynda parahatçylygyň
ynsanperwer taglymatlaryna hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
esaslanandygyny belläp geçmek möhümdir.
64 döwletden 6 müň türgen gatnaşan “Aşgabat — 2017”
oýunlarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şeýle ýaryşlaryň
taryhynda ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden toparlar hem-de Afrikanyň
döwletlerinden türgenleri birleşdiren bosgunlaryň ýygyndy topary wekilçilik
etdi.
Iň iri möçberli hem-de öz tapgyrynda wekilçilikli bolan V
Aziýa oýunlary türkmen sportunyň ösüşiniň taryhynda hil taýdan täze tapgyry
alamatlandyrdy, biziň ýurdumyzy yklymda halkara sport hyzmatdaşlygynyň
öňdebaryjylarynyň hataryna çykardy.
Neşirde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn
üns berýän ulgamynyň — durmuş ulgamynyň ösdürilişi baradaky meseleler giňden
beýan edildi. Milli ykdysadyýetiň ösmegi halkyň maddy hal-ýagdaýynyň
gyşarnyksyz ýokarlanmagyna, ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösen, beden taýdan berk
we ýokary ruhda terbiýelemek üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär.
Türkmen döwletiniň esasy şygaryndan ugur alyp, adamlara hyzmat etmek, olaryň
bähbitlerini we isleglerini üpjün etmek, halkyň durmuşynyň abadançylygy, ähli
babatda mynasyp ýaşaýşy üçin alada milli Liderimiziň alyp barýan içeri
syýasatynyň düýp özenini düzýär.
Şu asylly maksatlara ýetmek üçin býujet serişdeleriniň 80
göterimi bilimiň, ylmyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, saglygy goraýşyň,
durmuş üpjünçiliginiň, medeniýetiň we beýlekileriň maliýeleşdirilmegine
gönükdirilýär. Her ýyl aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň
we talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagynyň, şeýle hem milli ykdysadyýetimize
bazar usullarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen telekeçiligiň ösdürilmeginiň
hasabyna raýatlaryň anyk girdejileriniň we satyn alyjylyk ukybynyň ösüşini
beýan edýän makalalar munuň subutnamasy bolup durýar.
Neşir fotohronika bilen tamamlanýar, ol okyjylara häzirki
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny aýdyň duýmaga
mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň nobatdaky jildi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine çuňňur düşünmekde, ýurdumyzda bolup geçýän taryhy özgertmeleriň ägirt uludygyna akyl ýetirmekde örän uly nazary we amaly gymmatlyga eýedir.