Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini,
agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk
däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak
maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna
laýyklykda, karar edýärin:
1.
Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2019-njy ýylyň 4-nji
iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
2.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli
edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji iýuny.