1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2019-njy ýylyň 17 — 19-njy
martynda Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa
Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň Alyjenaby Patyşanyň ýany bilen
ministrlerden, ýokary wezipeli adamlardan we işewürler toparynyň wekillerinden
ybarat bolan ýokary derejedäki wekiliýet geldi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda
Onuň Alyjenabynyň hormatyna Prezident köşgünde garşylamak dabarasy guraldy. Onuň
Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby
Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa bilen duşuşyk geçirdi.
2. Resmi wekiliýetleriň duşuşyklarynyň dowamynda
Taraplar ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, köpugurly hyzmatdaşlygyň we
adamlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtadylar. Giň
möçberli gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we
köptaraplaýyn meseleler boýunça hoşniýetlilik, dostluk we geljege gönükdirilen
peýdaly pikir alyşmak ýagdaýynda geçdi. Sapar iki Tarapyň hem iki ýurduň
arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga berýän ähmiýetini görkezýär,
şeýle hem ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
giňeltmäge we ösdürmäge oňat mümkinçilik döredýär.
3. Taraplar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmagyň we hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtadylar
hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine özleriniň bilelikde
çalyşýandyklaryny tassykladylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän
meseleler, şol sanda syýasy meseleler, goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek,
ykdysady gatnaşyklar, şol sanda energetika, ulag, syýahatçylyk we medeniýet
meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri
boýunça pikir alyşdylar.
4. Taraplar soňky ýyllarda ýokary derejedäki
ikitaraplaýyn saparlary yzygiderli amala aşyrýandyklaryndan kanagatlanma
bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň fewral aýynda Bahreýne
bolan saparyndan hem-de 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Bitaraplyk syýasaty:
parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly
halkara maslahatyna gatnaşan Onuň Alyhezreti daşary işler ministri Şeýh Halid
bin Ahmed bin Muhammed Al Halifanyň Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň
Patyşasynyň adyndan Türkmenistana bolan iş saparyndan soň täze itergä eýe
boldy.
5. Taraplar bar bolan institusional usullaryň üsti
bilen yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini
nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda Taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň umumy esasy bolup hyzmat etjek Türkmenistan bilen Bahreýniň
arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň
döredilmegini goldadylar.
6. Taraplar şeýle hem 2011-nji ýylyň 9-njy
fewralynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen Ikitaraplaýyn
geňeşmeler hakyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, iki ýurduň
Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda
Manama şäherinde geçirilen ilkinji ikitaraplaýyn geňeşmeler duşuşygynyň
netijelerini hem makulladylar.
7. Baştutanlar zorlukly ekstremizmiň ähli
görnüşlerine garşy göreşmekde gatnaşyklara, özara hormat goýulmagyna,
düşünişmäge we sabyrly çemeleşmelere ýardam edýän usul hökmünde Türkmenistanyň
alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň
bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler.
8. Taraplar iki ýurduň halkara we sebit
derejesinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň parahatçylygy, ynsanperwerligi,
durnukly ösüşi we umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini
bellediler.
9. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi
Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda we
Patyşa Hamadyň Parahatçylykly ýaşaşmak boýunça Ählumumy merkeziniň Manamada
açylmagynyň iki ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek we ýurtlaryň hem-de
halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek boýunça alyp barýan syýasatynyň
subutnamasy bolup durýandygyny bellediler.
10. Taraplar iki ýurduň arasynda goranmak we
howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem
maglumatlary, seljeriş maglumatlaryny we öňdebaryjy tejribäni alyşmagy has-da
güýçlendirmek barada karara gelindi. Taraplar terrorçylygy, onuň ähli
görnüşlerini we ýüze çykmalaryny ýiti ýazgardylar hem-de ikitaraplaýyn derejede
hem, Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýyn ulgamynyň çäklerinde hem
terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge özleriniň
çalyşýandyklaryny tassykladylar. Taraplar terrorçylyk bilen haýsy-da bolsa bir
jynsyň, etniki degişliligiň we diniň arasynda hiç wagt baglanyşygyň bolup
bilmejekdigi bilen ylalaşdylar. Iki Tarap hem terrorçylyga we zorlukly ekstremizme
garşy göreşde beýleki Tarapyň möhüm ornunyň bardygyny ykrar etdi.
11. Taraplar öz ykdysadyýetleriniň
mümkinçiliklerini belläp, öz maýadarlaryny has ýakyn ykdysady we söwda
gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de Bahreýniň «Bogazyň derwezesi» we sebitiň
maliýe merkezi hökmündäki derejesini ulanmaga höweslendirmek, şeýle hem Merkezi
Aziýanyň merkezinde ýerleşýän we dünýäde iň köp tebigy gaz gorlarynyň birine
eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak barada ylalaşdylar. Taraplar
iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny
berkitmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
12. Taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilende
maýa goýum babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýän türkmen
we bahreýnli telekeçilere ýardam bererler.
13. Taraplar iki ýurduň arasynda senagatyň
nebitgaz, nebit we gazhimiýa, energetika hem-de himiýa pudaklarynda, gazylyp
alynýan peýdaly baýlyklary çykarmakda we gaýtadan işlemekde özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly ähmiýete eýedigini bellediler.
14. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda
syýahatçylaryň sanyny has-da artdyrmaga çalşylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen
baglylykda, Taraplar Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýelerini wiza
talaplaryndan özara boşatmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegini makulladylar
hem-de iki ýurduň raýatlaryna beýleki ýurda girmek üçin wizalaryň berilmeginiň
ýeňilleşdirilmegi üçin zerur çäreleri görmek barada
ylalaşdylar.
15. Taraplar iki ýurduň arasynda göni howa
gatnawyny ýola goýmagy üpjün etmäge mümkinçilik berjek howa ulaglary babatda
hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtadylar. Olar şeýle hem gaýtadan
dikeldilýän energiýa, nebit we gaz, söwda we maýa goýumlary, ýaşlar we sport,
medeniýet we syýahatçylyk, bilim, zähmet we zenanlaryň işleri babatda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalşylýandygyna ýokary baha berdiler.
16. Saparyň dowamynda bir ylalaşyga we özara
düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň birnäçesine, şol sanda şu resminamalara gol
çekildi:
1) Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň
eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Ylalaşyga;
2) Ulag babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
3)
Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
4)
Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda
Ähtnama;
5) Bilim
babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
6)
Elektron hökümeti babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda
Ähtnama;
7)
Zenanlaryň işleri babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
8) Sport
babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
9)
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Bahreýniň Merkezi bankynyň arasynda Özara
düşünişmek hakynda Ähtnama;
10) Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen
Bahreýniň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
17. Taraplar bu resminamalaryň iki ýurduň arasynda
görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge esas bolup
hyzmat etjekdigini bellediler.
18. Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy
Hamad Bin Isa Al Halifa Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowa Onuň Alyjenabyna we onuň wekiliýetiniň agzalaryna hoşniýetli we
mähirli myhmansöýerlik görkezilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. O1 Onuň
Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin
amatly wagtda Bahreýne barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 18-nji marty.