Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly
Mälikgulyýewiç!
Sizi we tutuş
türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň
ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni
we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar
edilmesi boldy.
Kosmonawtlar
üçin sagdyn beden hünär işiniň üstünlikli alnyp barylmagynyň düýpli
düzümleriniň biridir. Elbetde, men sporty we bedenterbiýäni diňe bir
Türkmenistanda däl, eýsem, halkara giňişlikde ilerletmek boýunça Siziň edýän
tagallalaryňyzy tüýs ýürekden goldaýaryn.
Soňky ýyllarda
Türkmenistanyň Olimpiýa hereketinde gazanýan üstünlikleri jedelsizdir. 2017-nji
ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Siziň sport we bedenterbiýe bilen şahsy gyzyklanmaňyz hem-de bu ugurda gazanýan
üstünlikleriňiz dünýäde giňden bellidir. Munuň özi köplere, aýratyn-da, ýaş
nesle görelde almak üçin ajaýyp nusgadyr.
Men
Türkmenistanda doglandygyma, öz ýurdumyň Bütindünýä welosiped gününi
esaslandyrmak baradaky başlangyjynyň dünýäde biragyzdan goldaw tapandygyna
buýsanýaryn. Munuň özi Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygynyň, sagdyn
durmuş ýörelgesini, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek boýunça Siziň alyp
barýan syýasatyňyza giňden eýerilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly
Gurbanguly Mälikgulyýewiç, baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy
ýene bir gezek kabul ediň! Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, alyp
barýan syýasy we döwlet işiňizde täze belent üstünlikleri arzuw edýärin.
Meniň
gutlaglarymy, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy mähriban
türkmen halkyna ýetirmegiňizi haýyş edýärin.
Oleg Kononenko, lýotçik-kosmonawt.