Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adalat edaralary tarapyndan birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda Gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir.