Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenen
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleriň gerimini giňeltmek
boýunça wezipeleri öňde goýdy. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary düýpli
gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny
çekmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylmagyny
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek,
ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleri
bar.
Bu wezipeleriň hemmesi 21 — 22-nji maýda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň X ýubileý Halkara gaz
kongresiniň gün tertibine girizildi.
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi «Gaz —
geljegiň ýangyjy» diýen mowzuk astynda ýokary derejeli umumy mejlis bilen
açylar. Görnükli seljerme geçirijiler, nebitgaz pudagynda barlag geçirýän iri
agentlikler ýakyn on ýylyň içinde tebigy gaza bolan dünýä isleginiň
artjakdygyny ynamly çaklaýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, munuň özi beýleki çeşmeler bilen deňeşdireniňde, gazyň ekologiýa
we nyrh artykmaçlyklary bilen şertlendirilendir. Şunda tebigy gazyň dünýäde
sarp edilýän mukdarynyň esasy bölegi senagat, elektroenergetika we ulag
pudaklarynyň paýyna düşer.