Düýn – 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky
Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul –
11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak
dabarasy boldy.
Sport jemgyýetçiliginiň köp sanly
wekilleri – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň,
Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary
Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi –
dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen
girýär.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda türgenler her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iň iri ýaryşda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegiň hatyrasyna ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.