Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi Täze 2020-nji ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn!
Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda
geljek ýylyň hem belent sepgitlere, Türkmenistanyň halkynyň täze zähmet
üstünliklerine beslenjekdigine we Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň halkara
giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýaryn.
Türkmenistanyň
halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň
giňden baýram edilmegi 2020-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüljekdigi gürrüňsizdir.
Bu sene türkmen halky we döwleti üçin milletiň parahatçylyk söýüjilik
ýörelgelerini, döwletiň deňhukukly hyzmatdaşlyga bolan açyklygyny
alamatlandyrýan wajyp günleriň biri bolup durýar. Türkmen bitaraplygynyň
esaslary we oňyn ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä giňişliginde aýratyn mana
eýe bolýar. Munuň özi tutuş Ýer togalagynda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we
howpsuzlygyň berkidilmegini şertlendirýär.
Geçip barýan
ýyly ugradyp, biziň her birimiz hakydamyzda hemişelik galan şanly wakalary
ýatlaýarys. Meniň üçin şeýle waka Siziň maňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen
belent ady bermegiňiz we «Altyn
aý» altyn medalyny
gowşurmagyňyz boldy. Bu ýokary sylag meniň çagalygymyň we ýetginjeklik
ýyllarymyň geçen ýeri bolan mähriban Watanymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyň
nyşany bolup durýar.
Gadymy we
ajaýyp türkmen topragynda doglup, men mähirli, açyk ýürekli, hoşniýetli we örän
myhmansöýer türkmen halkyna iň ýakyn duýgularymy besleýärin.
Türkmenistanlylaryň Siziň döwlet we halkara işiňiz bilen baglanyşykly ýeten
derejesine tüýs ýürekden begenýärin we buýsanýaryn.
Çuňňur
hormatlanylýan jenap Prezident! Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi we
Türkmenistanyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlamak isleýärin we
Size hormat goýmak bilen, ýene bir ýola berk jan saglyk, Siziň parahatçylygyň
we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan
işleriňizde uly üstünlik arzuw edýärin.
Goý, 2020-nji
ýyl durnuklylygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly bolsun!
Täze ýylyňyz
gutly bolsun!
Oleg Kononenko,
Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty,
Türkmenistanyň Gahrymany.