1964-nji
ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doglan russiýaly kosmonawt Oleg
Kononenko kosmosa dördünji uçuşyny amala aşyrýar. «Союз МС-11» älem gämisinde
uçuşy ýerine ýetirýän toparyň düzüminde onuň serkerdesinden başga-da, kanadaly
astronawt Dawid San-Žak we amerikaly Enn Şarlott Makkleýn dagy bar.
Ýeri
gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz 2009-njy ýylda Kononenkony «Prezidentiň
Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglapdy.