Düýn hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu
ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.
Ýakynda IIM-niň ýanyndaky Hojalyk
müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, bu ýerde ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde
doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän täze ýylyň ilkinji gününde doglan taýçanagy
Rowaç diýip atlandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz eline galam
alyp, türkmen bedewini şeýle wasp etdi:
Rowaç
Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollaryň kemaly Rowaç!
Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň — arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!
Säher öwsen ýeller deýin,
Ýaz açylan güller deýin,
Joş uran köňüller deýin,
Sen ylham derýasy, Rowaç!
Ýyldyz syçradyp toýnagyň,
Beze sen türkmen toýlaryn.
Menzile ýetir arzuwym,
Bagtymyň seýrany Rowaç!
Nury-şuglasyň Güneşden,
Zyýatsyň altyn-kümüşden.
Serpaýyň ýetsin ýeňişden,
Döwrümiň döwrany Rowaç!