milli goshun logo
Obasenagat toplumynda ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri
Obasenagat toplumynda ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri
09.02.2019 544 Habarlar

8-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 104,7 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça — 105,1 göterime ýetdi.

Ýanwar aýynda azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy 155,1 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi barada habar berip, şu günler gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwunyň tutulýandygyny hem-de ak ekinleri azotly dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny, haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça gözegçilik işleriniň geçirilýändigini aýtdy.