milli goshun logo
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 117,4 göterime deň boldy
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 117,4 göterime deň boldy
06.06.2020 1260 Habarlar

5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüşi 117,4 göterime deň boldy, şunda bu görkeziji - Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 118,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 110,2 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime ýetirildi. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137,9 göterim berjaý edildi.

5-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna badalga berildi, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa bu çärä 12-nji iýunda girişmek üçin häzirki wagtda taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.