milli goshun logo
Obasenagat pudagyny özgertmekde dünýä tejribesi öwreniler
Obasenagat pudagyny özgertmekde dünýä tejribesi öwreniler
18.01.2019 577 Habarlar

Düýn geçirilen wideokonferensiýada obasenagat pudagyny özgertmegiň meselelerine garaldy. Ekerançylygyň milli däplerini hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini utgaşdyrmagyň esasynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegi meýilleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Tehnologik ösüşleriň döwründe ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak aýratyn möhüm wezipe bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygyna düýbünden täze çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň geljekde uzak möhletleýin ykdysady ähmiýetiniň boljakdygyny aýtdy. Bu, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna degişlidir.

Şeýle hem bereketli hasyl almak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwuň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek üçin alymlaryň synagdan geçiren ähli mümkinçilikleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutulmalydyr. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seçgiçiligi we tohumçylygy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutýan usullaryň ulanylmagyna üns bermek möhümdir.

Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin hususy telekeçileri obasenagat toplumyna çekmek möhümdir, olaryň ýokary netijeli işlemegi azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, beýleki tarapdan bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, dürli görnüşdäki ýokary hilli önümleri öndürýän obasenagat kärhanalaryny gurmaga uly möçberdäki maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde şol ugurlary ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri meýilleşdirmegi tabşyrdy.