Eger-de döwletimizde sowatly ýaşlar, anyk ýokary
derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk
düşünmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji
iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna gözegçilik
edýän wise-premýer P.Agamyradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G. Myradow bilen bilelikde, oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini
öwrenmegi tabşyrdy. Obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli
möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olar ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş
jaýlary bilen üpjün edilmelidir. Milli Liderimiz bu babatda teklipleri
taýýarlamagy tabşyrdy.