29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk
arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew oba hojalyk pudagyny
özgertmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy
boýunça oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler
alnyp barylýar. «John Deere» amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyga
laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara
binasynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde oba hojalyk önümçiligini
sanly elektron dolandyryş merkezleriniň açylandygy habar berildi.
Häzirki wagtda bu kompaniýanyň tehnikalary Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda synag edilýär. Olar ekerançylyk meýdanlarynyň gowaça ekiljek ýerlerinde geriş çekmek işlerinde hem-de gowaça ekişinde ulanylýar. Geljekde bu etraplaryň hojalyklarynda gowaça ösdürip ýetişdirmegiň we ýetişdirilen hasyly ýygnamagyň ähli işlerinde ulanylýan tehnikalary sanly elektron usulynda dolandyrmak boýunça synag etmek meýilleşdirilýär.