milli goshun logo
Nyşanany 2 000 metr uzaklykdan ýok eder
Nyşanany 2 000 metr uzaklykdan ýok eder
06.10.2018 1234 Tehnologiýa

«Raytheon» we «Saab» kompaniýalary hyzmatdaşlykda täze raketa görnüşli okuň üstünde işläp başlady. «Saab» kompaniýasynyň «Carl – Gustaf» kysymly grantamýodyndan atmak üçin niýetlenen bu ok 2020-nji ýylda barlagdan geçiriler.

«Raytheon» kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, täze harby önüm guryýerde söweşjeň hereketi alyp barýan goşunlaryň duran ýa-da hereketli nyşanalary 2 müň metr uzaklykdan hatardan çykarmaga mümkinçilik berer.

«Carl – Gustaf» barada

Ilkinji gezek 1946-njy ýylda Hugo Abramson tarapyndan işlenilip taýýarlanylan bu grantamýodyň häzire çenli 4 görnüşi (M1; M2; M3; M4) ulanylyşa goýberildi. Goranmak senagaty kompaniýalarynyň biri bolan «Saab» tarapyndan öndürilýän bu ýarag kalibri 84 mm bolan dürli görnüşli raketalary we oklary atmaga ukyply. Bu ýarag öz adyny ilkinji öndürilen ýeri bolan «Carl Gustafs Stads Gevärsfaktori» fabrikasyndan alýar.