milli goshun logo
Nepalda taekwondo boýunça türkmen ussatlary altyn medallary gazandylar
17.07.2018 892 Habarlar | Sport

Türkmenistanyň taekwondo boýunça ýygyndy topary (ITF görnüşi) Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Günorta Aziýanyň VI açyk çempionatynda umumy sanawda ikinji orny eýeledi.

Ýaryşyň birinji güni taekwondo ussatlary göreşiň tuli görnüşinde bäsleşdiler. Türgenler göreşiň tärlerini we hereketleriň takyklygyny ýerine ýetirmegiň ýokary tilsimlerini görkezdiler, eminler hem hut şolara baha berdiler.

Türkmenistanlylar däp bolşy ýaly, çykyşlaryň bu toparynda ýokary netijeleri gazandylar. Gara guşagyň eýeleriniň arasynda ýygyndynyň lideri Annamyrat Goşanyýazowa (dördünji dan) taý gelen tapylmady, ol altyn medaly ynamly gazandy. Galan toparlarda hem watandaşlarymyz öňdäki orunlary eýelediler. Olaryň arasynda Orazmyrat Çaryýew (üçünji dan), Goşanyýaz Durdyýew (ikinji dan), Serdar Hydyrow (birinji dan) ilkinjileriň hatarynda boldular.

Biziň taekwondoçylarymyz toparlaýyn ýaryşlarda hem ýeňiş gazandylar. Altyn medal gazanan dört türgeniň hataryna Gaýgysyz Atabaýew hem goşuldy.

Ýaryşyň jemleýji güni türgenler göni gatnaşyklara — tutluşyklara geçdiler. Aýratyn-da, biziň taekwondo boýunça ussatlarymyz 71 kilograma çenli agram derejesinde üstünlikli çykyş etdiler. Jemleýji tutluşykda Serdar Hydyrow Goşanyýaz Durdyýewden asgyn geldi. Türgenler degişlilikde kümüş we altyn medallara mynasyp boldular. Goşanyýaz ýaryşyň jemleri boýunça bäsleşigiň çempiony diýen ada eýe boldy. 64 kilograma çenli agram derejesi medallaryň ýene-de ikisini getirdi — altyn medal Annamyrat Goşanyýazowyň, bürünç medal bolsa Gaýgysyz Atabaýewiň hasabyna ýazyldy. 58 kilograma çenli agram derejesinde Orazmyrat Çaryýew Nepaldan bolan bäsdeşinden üstün çykmagy başardy.

Görkezme toparlaýyn çykyşlar ýaryşy jemledi. Şunda hem ildeşlerimiz Gaýgysyz Atabaýew, Orazmyrat Çaryýew, Annamyrat Goşanyýazow, Goşanyýaz Durdyýew ynamly ýeňiş gazandylar.

Ýaryşyň jemleri boýunça türkmenistanlylar 11 medal (9 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç) gazanyp, umumy toparlaýyn çykyşlarda diňe ýaryşyň ýer eýelerinden yza galdylar. Türkmen taekwondoçylarynyň bäşisiniň hem ýokary netijeleri gazanandygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini bäsleşigiň guramaçylary hem ykrar edip, ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe “Ussat tälimçi” diýen ady berdiler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň bäşisi hem ýaşdygyna garamazdan, tejribe toplan pälwanlardyr. Olaryň hemmesi – Aziýanyň birnäçe gezek çempionlary, iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri we medal eýeleri. Olaryň dördüsi sport ussatlygyna dalaşgärlerdir, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän Gaýgysyz Atabaýew bolsa halkara derejeli sport ussady, şeýle hem halkara toparynyň emini bolup durýar.

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň taekwondo federasiýasy (ITF) ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär, onda ýurdumyzyň güýçli pälwanlary Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmak hukugy ugrunda bäsleşerler, şeýle hem türgenler şu ýylyň ahyrynda yklymyň Aziýa böleginiň nobatdaky halkara birinjiligine gatnaşmagy göz öňünde tutýarlar.