Düýn – 7-nji martda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertine Diýarymyzyň ähli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Ajaýyp baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyza buýsanç beýan edildi. Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda mährem zenanlara, enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan joşgunly gutlaglar öz beýanyny tapdy. Sahnada zenanlaryň hoşniýetliligini, sadalygyny, asyllylygyny, paýhaslylygyny, gözelligini we wepalylygyny, enelik söýgüsini wasp edýän göwün göteriji aýdymlar ýaňlandy.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly ajaýyp aýdym konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy.