Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi
mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi
berilýär. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy
ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyryldy.
Bu hoşmeýilli we sogaply çäre
Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik
ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistan asyllylyk hem-de
birek-birege kömek bermek ýaly köpasyrlyk däplere eýerip, Owganystanyň
durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, parahatçylykly durmuşy berkarar etmäge
saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli kömek bermek
bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny
tassyklaýar.