milli goshun logo
Mukaddes Garaşsyzlyk günüňiz gutly bolsun!
Mukaddes Garaşsyzlyk günüňiz gutly bolsun!
27.09.2024 185 Habarlar

Bu gün – 27-nji sentýabr. Pederlerimiziň edermenligi, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy siňen ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň ykrar edilen – Garaşsyzlyk güni! Bu demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm senedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, agzybir halkymyzy, merdana Watan goragçylaryny «Milli goşun» žurnalymyzyň redaksiýasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!

Garaşsyzlyk döwlet özygtyýarlylygymyzyň synmaz binýadydyr, abadan durmuşymyzyň mizemez sütünidir. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerimiziň gaýtadan dikeldilmegi Garaşsyzlygyň bize beren datly miweleridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Biz – Watan goragçylary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belent watansöýüjiliginden, harby hünär ussatlygynda görkezýän nusgalyk şahsy göreldesinden ruhlanyp, mukaddes harby borjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barjakdygymyza, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy boljakdygymyza, parahatçylygy we howpsuzlygy yzygiderli üpjün edip, ata-babalarymyzdan miras galan harby sungaty üstünlikli ösdürjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys!

Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň we üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!