milli goshun logo
Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar
28.09.2019 812 Habarlar

27-nji sentýabrda döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edildi. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy we milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar.

Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.

Baýramçylyk harby ýörişden başlandy. Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Türkmen esgerleri döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnika we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler. Yzygiderli guralýan taktiki okuwlar hem-de harby-watançylyk terbiýesi, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweşjeň tehnikanyň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmegiň hem-de dolandyrmagyň tälimlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

***

Şeýle hem «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly konsert boldy. Oňa paýtagtymyzyň köpsanly ilaty we myhmanlary gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň ýyldyzlary, sungat ussatlary, ýaş ýerine ýetirijiler, folklor we tans, hor toparlary çykyş etdiler. Artistler meşhur aýdymlar bilen bir hatarda, täze eserleri-de ýerine ýetirdiler.

Soňra bu ýerde baýramçylyk feýerwerki boldy. Agşamky asmanda älemgoşar öwüşginli dürli yşyklar baýramçylygyň joşgunyny artdyrdy. Guralan dabaranyň ajaýyp jemlenmesi oňa gatnaşyjylara ýakymly pursatlary eçilip, adamlaryň şatlygyny we ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.