2025-nji
ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi
E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Mejlisiň
barşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň
giň toplumy, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom
energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işinde nyrh
emele getirmek, tokaý hojalygy hem-de tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky
hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şol bir
wagtyň özünde mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli
döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025)
amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen
baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.