milli goshun logo
Möhüm gepleşikler geçirildi
Möhüm gepleşikler geçirildi
25.04.2025 160 Habarlar

Dostlukly saparyň ikinji gününde – 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.