milli goshun logo
Möhletinden öň ses bermek – demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagy
Möhletinden öň ses bermek – demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagy
21.03.2019 849 Habarlar

Şu gün Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk gulluk iş saparyna gidýänler ýa-da zähmet dynç alşyna çykýanlar üçin, şeýle hem saýlawlar güni 31-nji martda ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.