Düýn –
6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli
ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň
işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi.
Mejlisiň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän
ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.