milli goshun logo
Milli ýygyndymyzyň ýeňşi
Milli ýygyndymyzyň ýeňşi
14 sagat öň 11 Sport

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy «Aziýanyň Kubogy — 2027-niň» saýlama oýunlarynyň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşyk örän gyzgalaňly häsiýete eýe boldy.

Toparçadan diňe ýeňiji bolan ýygyndynyň yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykmaga mümkinçilik alýandygy üçin milli ýygyndy toparymyzyň gazanan täze ýeňşi örän wajyp ähmiýete eýedir. «D» toparçanyň çäginde geçirilen bu duşuşykda ýygyndy toparymyz ilkinji minutlardan hüjüm futbolyny görkezdi. Toparçada birinji orny eýelemegini dowam edýän milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň oýundan öň belleýşi ýaly, ýygyndymyz diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýär. Hut şonuň üçin hem futbolçylarymyz garşydaşyň düzümine laýyklykda düzülen özboluşly oýun taktikasy esasynda oýnadylar.

Ajaýyp stadionda janköýerleriň berýän goldawy ýygyndy toparymyzyň hüjümde netijeli çykyş etmegine ýardam etdi. Şeýlelikde, ýygyndy toparymyza wajyp ýeňşi getiren toplary Elman Tagaýew (52-nji minutda) bilen Mekan Saparow (58-nji minutda) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şri-Lankanyň düzüminden bolsa Dillon Senan (67-nji minutda) tapawutlanmagy başardy. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, gazanan ýeňşinden soň 9 utuk toplan ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk toplamagy başardy, emma goşmaça görkezijileriň, ýagny toparçada geçirilen özara duşuşykda Tailanddan üstün çykandygy üçin milli ýygyndymyz ýaryş tertibinde öňdeligi eýeleýär. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy üçünji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy topary bolsa dördünji orunda ornaşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky duşuşygynda öz meýdanynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk 18-nji noýabrda geçiriler.

Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek «Aziýa Kubogy — 2027-niň» jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.