Fewral
Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda
halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň
barşynda täze pikir garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň
ýokary döwlet wezipesine saýlady.
2012-nji ýylyň
fewralynda nobatdaky saýlawlar geçirilip, ýokary raýat işjeňligi, aç-açanlyk we
aýdyňlyk ýagdaýynda halkymyz öz erk-islegini beýan etmek bilen gaýtadan
saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygyny
has-da ynamly görkezdi.
Milli
Liderimiziň 2017-nji ýylyň fewralynda biragyzdan gaýtadan saýlanylmagy döwlet
Baştutanymyzyň hemme asylly başlangyçlaryny halkymyzyň agzybirlik bilen goldaýandygynyň,
hormatly Prezidentimiziň öňde goýan beýik maksatlaryna ýetmekde doly we mizemez
ynamyň ýüze çykmasy boldy.
Üç ýyl mundan
ozal, 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi
taýdan wezipä girişmek dabarasynda şeýle diýdi: «Ata Watanymyzy senagat taýdan
ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent
maksat edip goýduk!». Bu gün bolsa biz eýýäm şol ägirt uly wezipeleri çözmekde
haýran galdyryjy anyk netijeleri görýäris. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady
kuwwaty şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.
Uglewodorod
serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işläris.
Benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg
bildirilýän ýokary hilli önümleri öndüreris diýip, milli Liderimiz şonda aýtdy.
Geçen döwürde
deňiz ýakasyndaky Gyýanlyda polimer zawody we Balkan welaýatynyň Garabogaz
şäherinde karbamid zawod, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän
dünýäde ilkinji zawod ýaly örän giň gerimli gazhimiýa toplumlary ýurdumyzyň
senagat düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu innowasion kärhanalarda häzirki zaman
tehnologiýalarynyň esasynda tebigy gaz düýpli gaýtadan işlenilip, dünýä
ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli önümler çykarylýar.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi
ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň tehnologiýa
howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, goşulan ýokary bahasy bolan önümleriň ýerleniş
bazarlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, halk hojalygynyň ähli
toplumlarynyň ösüşini höweslendirmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet
Baştutanymyz şonda, ýagny resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden
çykyşynda ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistanyň goňşy döwletler we beýleki
ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň uly ähmiýeti bellenildi. Taslamanyň amala
aşyrylmagy ýurda köp möçberde girdejileri getirmekden başga-da, goňşy halklaryň
ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.
Häzir bu
transmilli energetiki geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler
bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň fewralynda TOPH
taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bilen bir hatarda,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we
optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Şonuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyz Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen gurlan
Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi.
Ýer ýüzünde
«mawy ýangyjyň» gury ýerde gorlary boýunça birinji orny eýeleýän «Galkynyş»
käninden gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi
sebitiň möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahatçylygyň hem-de
durnukly ösüşiň pugtalanmagyna ýardam berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny
döretmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistan
uglewodorod serişdelerinden başga-da, beýleki baýlyklaryň hem ägirt uly
gorlaryna eýedir. Ýerasty känlerde Mendeleýewiň elementler ulgamyna girýän
metallaryň ählisi diýen ýaly jemlenendir. Bu känleriň özleşdirilmegi, tebigy
baýlyklaryň gazylyp alynmagy we gaýtadan işlenilmegi, milli Liderimiziň
ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
«Biz ägirt uly
ykdysady we tebigy mümkinçiliklerimizi halkymyzyň häzirki we geljekki
nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna netijeli peýdalanmak
boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip, döwlet Baştutanymyz resmi
taýdan wezipä girişmek dabarasynda aýtdy.
Toplumlaýyn
durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz
boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk
serişdelerine bolan barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň
esasynda olary öndürmek ulgamynyň depginli ösdürilmegine itergi berdi. 2018-nji
ýylyň fewral aýynyň ortalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri»
kärhanasy daşary ýurtlara iberilýän önümleriň gerimini giňeltmek boýunça
wezipeleri çözmäge sowatly çemeleşmegiň nusgalyk mysalyna öwrüldi.
Kabul edilen
maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň elektron senagatyny döretmek boýunça
işler dowam edýär, Diýarymyzyň öndürijileri hojalyk we durmuş tehnikalaryndan
başlap, kompýuterlere çenli barha täze abzallary we enjamlary çykarmagy
özleşdirýärler.
Hormatly
Prezidentimiz resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda, şeýle
hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny
goldamaga we ösdürmäge ýardam bermegi öz esasy wezipeleriniň biri hökmünde
görýändigini nygtady.
Häzirki wagtda
hususy ulgamyň kärhanalaryna iň iri we örän jogapkärli taslamalar ynanylýar.
Şol taslamalaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat
awtobany, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi boljak obalar we ýaşaýyş jaý
toplumlary, şäher bar.
Ýakynda döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki şäheriň binalaryny we beýleki
desgalaryny gurmak hem-de inžener-tehniki taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan
daşary ýurt önümlerini satyn almaga döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard
dollaryna golaý pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.
«Ylmy-bilimi
ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen
aýakdaş gitmek asla mümkin däl» diýip, milli Liderimiz ençeme gezek nygtady.
Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy durmuşa geçirilýär,
Bilim ministrliginiň innowasion maglumatlar merkezi döredilýär, onuň wezipesine
sanly okuw kitaplar, gollanmalar, wideo we ses ýazgylar, interaktiw we
multimediýa programmalar hem-de beýlekiler bilen birlikde, elektron görnüşde
okatmagyň usullaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamak meseleleri girer. Şu ýerde
hem ylym-bilim ulgamynda dünýä derejesindäki gazanylanlar öwreniler,
ensiklopediýalaryň we sözlükleriň katalogy dörediler.
Türkmenistanda
taýýarlanylýan isleg bildirilýän hünärleriň gerimi giňelýär. Geçen ýylyň iýun
aýynda döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika instituty döredildi.
Beýleki durmuş
ulgamlary bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
medeniýeti we sungaty ösdürmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge örän uly üns
berýär.
Ýurdumyzda
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni
ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we
medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy
durmuşa geçirilýär. Bu iş arheologiýa, etnografiýa, taryhy we edebi
maglumatlaryň esasynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge gönükdirilendir.
2019-njy ýylyň
ahyrynda Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl
medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu işlere bolan gyzyklanma täze öwüşgin
çaýmaga itergi berdi.
Ýakynda hem
döwlet Baştutanymyz çözgüt kabul etdi, şoňa laýyklykda, «Türkmenhaly» önümçilik
birleşigi döwlet birleşigi derejesine eýe boldy hem-de Dokma senagaty
ministrliginiň düzüminden hökümetiň garamagyna geçirildi. Bu iş haly önümlerini
öndürmek babatda guramaçylyk işlerini höweslendirmelidir, onuň önümleriniň
daşary ýurtlara ugradylyşynyň artmagyna täsir etmelidir.
«Il saglygy —
ýurt baýlygy!» diýen ýörelgäni goldanyp, biz «Saglyk» döwlet maksatnamasyna
laýyklykda raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen
talaplaryna görä guralmagyny üpjün ederis» diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza pugta söz berdi hem-de iş ýüzünde onuň
durmuşa geçirilmegini üpjün etdi.
Iş ýüzündäki
lukmançylyga öňüni almagyň hem-de bejermegiň barha täze usullary ornaşdyrylýar,
ýakynda Saglygy goraýşyň edaralar ulgamynyň hataryny artdyrjak ýöriteleşdirilen
desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olar Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş
merkezi, Halkara estetiki bejeriş merkezi, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda
şypahana hem-de Ahalda, Daşoguzda, Türkmenbaşyda hassahanalardyr.
Geçen şu üç
ýylda ýerine ýetirilen işleriň ählisini sanap geçmek mümkin däl. Esasy zat örän
aýdyň — hormatly Prezidentimiziň syýasy strategiýasynda hem-de milli
maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň her biri yzygiderli çözülip, üstünlikli
taslamalara, düýpli özgertmelere we ýurdumyzyň şöhratly gazananlaryna, onuň
dünýädäki abraýynyň pugtalanmagyna beslenýär.
Milli Liderimiz
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, alyp barýan halkara
syýasatynda biziň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda
özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar üçin açykdygymyzy aýratyn
nygtaýar.
Bu sözleriň iş
ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy hökmünde 2019-njy ýylda
ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde
bolup geçen giň gerimli çäreleri, hormatly Prezidentimiziň daşary döwletleriň
we ýurtlaryň hökümetleriniň, abraýly halkara guramalaryň baştutanlary, görnükli
syýasatçylar hem-de işewür toparlaryň wekilleri bilen geçiren onlarça
duşuşyklaryny we gepleşiklerini agzap bolar.
Halkara
gatnaşyklarynda-da, döwlet Baştutanymyzyň sözleri hemişe işler bilen
berkidilýär. Dünýä we sebit derejelerinde ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk
etmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren
başlangyçlary Türkmenistanyň ýakyn we alys goňşular, Ýewropa Bileleşigi hem-de
Ýer ýüzüniň beýleki ýurtlary bilen halkara gatnaşyklaryny we özara bähbitli
ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyry açdy.
Milli
Liderimiziň iri möçberli pikirleriniň hem-de maksatlarynyň üstünlikli amala
aşyrylmagy, döwlet gurluşynyň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň
esaslaryny öz içine alan düýpli özgertmeleriň ynamly netijeleri ýurdumyzyň
saýlap alan ösüş ýolunyň dogrudygynyň iň oňat subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Hormatly
Prezidentimiz öz döwlet işlerinde parasatlylygy, öňdengörüjiligi we
pragmatikligi ruhy, gymmatly ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ildeşlerimizi
täze beýik işlere çagyrýar we ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň
ähli başlangyçlary halkymyzyň şeýle kuwwatly goldawyna eýe bolýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýýär. Halkymyz bolsa öz daýanjyny hormatly Prezidentimizde görüp, döwlet Baştutanymyzy hoşallyk bilen Arkadag diýip atlandyrýar.