milli goshun logo
Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby türk dilinde neşir edildi
Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby türk dilinde neşir edildi
15.10.2021 934 Habarlar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.

Türk dilindäki täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doganlyk halkyň dilinde çap edilen köp sanly eserleriniň üstüni doldurdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň, türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygy berkarar etmekde we ösüşi gazanmakda bitiren uly hyzmatlarynyň nobatdaky gezek ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.