milli goshun logo
Milli Liderimiziň agtygy Kerim täze saz eserini döretdi
Milli Liderimiziň agtygy Kerim täze saz eserini döretdi
05.08.2019 729 Habarlar

Döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy. Şol günleriň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ses ýazýan studiýada aýdym-saz bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň döreden täze sazyny dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady.

Saz işlenenden soň, has-da owazlandy hem-de täze röwüşe eýe boldy, onuň diňleýjiniň hoşuna geljekdigi gürrüňsizdir.

Ýeri gelende aýtsak, mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerim sazçylyk mekdebini tamamlap, saz sungaty boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowadan tälim aldy. Ussat sazanda, köpleriň halypasy Kerime saz sungatynyň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwretdi.

Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimiň ýetginjek ýyllaryndan başlap, saz sungaty bilen meşgullanyp, atasynyň göreldesine eýerip, saz sungatynda birnäçe eserleri döredendigi hemmelere mälimdir. Halypa sazandanyň tälimini birkemsiz ele alan Kerim bu gün bolsa «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze eserini döredip, ony, ilki bilen, atasyna diňletdi. Agtygynyň täze döreden saz eseriniň ilkinji diňleýjisi bolan hormatly Prezidentimiz Kerimiň sungat ýoluna guwandy.

Döwlet Baştutanymyz täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp, hiňlenip gördi.

Milli Liderimiz bu eser barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompozitorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu baradaky isleg-arzuwlaryny aýtsalar, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Şeýlelikde, hödürlenilýän teklipler esasynda mynasyp goşgy setirleri bilen sazlaşygy emele getirmek arkaly döredilen aýdymyň ýerine ýetirijilik babatda gowudan-gowusy seçilip alnar. Täze eseri döreden döredijilik işgäri bolsa sylaga mynasyp bolar.